Ýalňyş ýerde Lyrics
- Genre:Hip Hop & Rap
- Year of Release:2024
Lyrics
Gözden ýitdiň samyrdap birzatlar
Çykarmyka ýatdan?
"Beýle seretmek gerek däl,
Hudaýa jogap berýän" diýdiň
Bilgeşleýin däl, seredip galdym
Geçenleň ikisinden seredýär biri
Ýaňaklaryň öl, bugün ýagyş ýagmaly däldi
Ýüregiňi çöplemän otyrdyň
Duralgada samyrdap bir zatlar
Bölekleri çympytrak, ýatyrdy
Suwarylan kirpikleň uzapdyr
Seň ýanyňda gürlemän otyrdym
Diýýänçäň bir zatlar
Söýgini gözleýäň ýalňyş ýerde
Bu derdi saňa nätanyş berdi
Özüňi elledýäň ýalňyş ele
Bulutsyz gözleriň ýagyş indem
Şemiň öçýär şemalda üşemekden
Sen barada edilýär diňe gepler
Üýtgejek diýipdiň geçen hepde
Ýöne çykyp bilmediň şol bir ýerden
Diýdi: "Aslynda men doguldym ýalňyş ýerde
Ejem ýeke özi kakamdan ýok derek.
Kakamdan başga ähli erkege gerek."
Gürläp başlady gürleýän ýaly soňky gezek
Diýýärdiler: "Taşlaman, men daşda däl"
Ýapyk gapyny açdylar, onsoňam
Islän wagtymam saç, dyrnak
Aslynda, o zatlardana daşdymam
Başym aýlanmaka
Gidemokdym gije aýlanmaga
Gysga köýnegin çekdi aşak
Çalyşýan ýaly uzatmaga
Ýüzüm öwürdim utanmaz ýaly
Oň bakyşy boldy uýat maňa
Diýdi: "Siziň ähliňizem deň.
Maňa gyşyk seredýäň, ýöne ähliňizem men"
Gaharlanyp gürlemesini goýdy birden
Agyrdan aldyda dem..
Söýgini gözleýäň ýalňyş ýerde
Bu derdi saňa nätanyş berdi
Özüňi elledýäň ýalňyş ele
Bulutsyz gözleriň ýagyş indem
Şemiň öçýär şemalda üşemekden
Sen barada edilýär diňe gepler
Üýtgejek diýipdiň geçen hepde
Ýöne çykyp bilmediň şol bir ýerden
Entegem gürlemän otyrdym
Diýdi: "Mendede günä ýok däl!
Bilýänim bildirmän otyryn.
Gyz näçe samsyk bolsa gowy görýäňiz.
Aýalyňyzda ýok zatlary men ýalakda gözleýäňiz.
Hawa, meňkem ýeňil eklençdi başda,
Birje sapar seredeýin ýokardan aşak.
Gaçyp bilsem gaçjakla wah!
Yzyma giderdim şuwagt aç wagtyma."
Diýenden bir maşyn durdy duralgaň deňinde
Eýýäm soraljak soraglary bilýäň öňünden
"Nirä gitdiň? Näçe jaň geldi seret eliňe?!
Göni turmasaň abraýyňy ýere degirerin!
Gowy tanaýaň meni sen!
Kimi aldajak bolduň ýaňja diýen bolup gelerin?"
Buýrujy äheň bilen çagyrdy ýene
"Üns berme olara!" diýdim,
"Maňa seret, Gitmäýda!"
"Gitmesem bolanok ýalňyş ýere.
Ýalňyş düşünme senem."
Gözden ýitdiň samyrdap birzatlar
Gideňsoňam gürlemän otyrdym
Geljek ýaly garaşsam diýenleriňi ýatlap
Ýüregim seňkä garyşyp ýerde ýatyrdy
Ýalňyş ýerde oýanýaň sen irden
Her gün soraýaň: "Men nirde?!
Utanjymdan nirä girsem?!
Halas etjek şazada nirde?!
Belki çykman ertire!"
Ýalňyş ýerde oýanýaň sen irden
Her gün soraýaň: "Men nirde?!
Utanjymdan nirä girsem?!
Halas etjek şazada nirde?!
Belki çykman ertire!"