Ýönekeýje gyz Lyrics
- Genre:Hip Hop & Rap
- Year of Release:2024
Lyrics
Ýönekeyje gyz, dünýä garaýşy giň
Gaty işeňňir, wagty yok almaga dynç
Joralary diýýär: "Ýaşkaň al manady!"
Soň gynanmaz ýaly diýip: "Almalydym"
Hemme kişi seredýär saňa
"Bolýar" diýseň
Bular taýýar "Baý durmuşyň" gapylaryny açmaga
Bular seredýär aç ýalak,
Üns berme ýöne
Birje sapar dat şuny!
Ýatdan çykaryp açlygy
Birden baş aýlanyp başlady
Sesi gaty pes bu aýdymyň doly aç şony
Bügun aladadan gaçmaly
Ejeň jaň edýär:
"Sagat näçe boldy, nirde sen?
Gaty görme yarym sagatdan öýe girmeseň
Goňşylar näme pikir eder gorse gijede?!
Oglanlaň sesi eşdilýän yaly kelläň nirede?"
Meň durmuşym näme islesemem edýän!
Nädip islesem size näme?
Hawa men şoň ýaly, näme edeýin gizläp?!
Düýbünden utanamok
Geýmeýäniňizi geýip, içmeýäniň içýän!
Gije öýe gelemok
Nädip pul gazanýanymam siziň işiňiz däl!
Hiçkime bagly dal yaly seň göwnüň hoş
Aşagyňda Benz arzuwyňda Porsche
Öz adyňa jaý yöne-möne gelenok
Hapa kagyzyň bolmasa tanyşyp bolanok
Hemme kişi seredýär saňa
Sähere golaý öýe süýrenip geleňde ukyňy almaga
Agşama golaý turup bugünem yene oturmaly
"До" daňdana
Näçede gelsede jaň aşak düş göni
Ylga özüňem soňam yzyma düş ýöre
Biderek ýere bahana tapma
Arkaýyn bol näçe bolsada bahaňy ýapjak
Agzy açyk gapjyk
Biderek gürleme, agzyň açyk ýap çalt!
"Erbet ýagdaýym
Haýyş edýän, şu günlikçe goýber öýe gaýdaýyn"
"Sen meňki, seň bilen islänimi edýän
Maňa ýalbaraňda ňäme?!
Saňa gel diýemde gelip git diýemde gidýäň
Bugün öýe gaýdaňok
Iç diýemde içip başla iý diýemde iýýäň
Artykmaç zat gürleme!
Oglanlaň arasynda etmeli işi bilýäň
Birtopar nätanyş
Gülkünç bolmasada gül
Çykmaz indi ýadyňdan
Bermeseňem üns
Seň kime degişli?
Bilýädiň ýaly düýn
Bolmazmyka bular
Hakykatdan hem düýş?
Hiçkime bagly dal ýaly seň gownuň hoş
Aşagyňda Benz, arzuwyňda Porsche
Jübileriň doly, ýöne içiň boş
Gaýtalanýan günler gidip barýar ýaş