![Ejeme Ömür Ber Alla](https://source.boomplaymusic.com/group10/M00/03/25/067bba94a980484690c09b348ee2febb_464_464.jpg)
Ejeme Ömür Ber Alla Lyrics
- Genre:Soul
- Year of Release:2022
Lyrics
Meni seniň gursagyňa getiren
Ejemjana uzak ömür ber Alla
Arzuwyma ganat baglap ýetiren
Ejemjana uzak ömür ber Alla
Ol ýekedir
Ol ýekedir ýüregime düşünýän
Ol ýekedir
Ol ýekedir gam-gussama goşulýan
Başym sypap derdimi ýeňip başarýan
Ejemjana uzak ömür ber Alla
Gözel sen dünýä
Ejemiň mähri bilen
Gülkiň kem dünýä
Käbäm aglasa
Günler mähirli
Aýlanar ýaly
Ejemjany söýýän
Ömür ber Alla
Hem kaka hem eje boldy hor etmän
Ýetişdirdi ýeke şaýa zar etmän
Ýylgyryşyna bizi intizar etmän
Ejemjana uzak ömür ber Alla
Hiç bir ynsan
Hiç bir ynsan tutmaz onuň ýerini
Baryny berip
Baryny berip doldyrardy kemimi
Gerek bolsa alyp gyzgyn demimi
Ejemjana uzak ömür ber Alla
Gözel sen dünýä
Ejemiň mähri bilen
Gülkiň kem dünýä
Käbäm aglasa
Günler mähirli
Aýlanar ýaly
Ejemjany söýýän
Ömür ber Alla
Ýetişdirdiň ogul-gyzyň perzendiň
Biziň üçin bir perişdä deňlendiň
Päk gözleri bagtymyzda eglensin
Ejemjana uzak ömür ber Alla
Gözel sen dünýä
Ejemiň mähri bilen
Gülkiň kem dünýä
Käbäm aglasa
Günler mähirli
Aýlanar ýaly
Ejemjany söýýän
Ejelere ömür ber Allam