BAR Lyrics
- Genre:Hip Hop & Rap
- Year of Release:2024
Lyrics
Gürleseñ ýuwaş aýt şeýtan bar
Love bolsa ýanyndan hate hem bar
Saçakda pyçak bilen et hem bar
Nebis diňlemez çünki keýpem bar
Ýanyňda pul üçin gezişen bar
Düşünmez, ýalandan gülüşen bar
Ýöne dertleriňi diňläp bölüşen bar
Uçma beter daşa, ýoluň dönüşem bar
Köpelse nollar, peýdañ bar
Oýnaýas jeňňelde, beton park
Sygamok göwnüñe beter dar
Şükür et, ýaz geler erär gar
Seň üçin ýok bolsa, meň üçin bar
Adalat çekiçlär, deň çüýlär
Bedeni galdyryp, baş süýrär
Geçip gideris, arkadan it üýrer
Bar bar, dokuz janymyz bar
Gyp-gyzyl däli ýüregimiz bar
Ýetmese şonça ýene de bar
Geleris, bizde gutarmaz bar
Eger ýok bolsa ýok, men diýemok bar
Näçe syr bilýän, bular bilenoklar
Bilýäň magazin hemişe doly okdan
Unutma bar boldyk gelip ýokdan
Açaryn gulpyňy gelip soksam
Başga ýok, bir Allah eger gorksaň
Tiken düşer aramyza, eger gopsaň
Jaň et diýýärler hökman, gelip gonsaň
Dogry bolsaňam, bir gün egri diýerler
Ýüregim ak, ýöne iş kir diýerler
Soňky duralga geldik, düş diýerler
Bir gün bar eden günäleriňi gör diýerler
Bir zat diýjekdim şuwagt çykdy ýatdan
Gygyrsaň eştmerin soňky gatdan
Ýöne eşiderler sesimi ol uzakdan
Bir zat diyjekdim çykdy ýatdan