
Derdi meni (Rock) ft. Emir Ayas Lyrics
- Genre:Rock
- Year of Release:2024
Lyrics
Yşk ýüregimde gaýnap ýandyrdy derdi meni
Pelek bilegim baglap çarhyna sardy meni
Hyrydar gözi bilen kim gelip gördi meni
Hijran ýagmyr ýakyp meni
Hyýalym pikre dönüp aklymy ýel aparyp
Ol haýrat meýdanynda men garyp galdym aryp
Yşk hanjaryn çekip hijran ýüregim ýsryp
Äleme dessan edip meni
Ne jeset içre jan bar
Ne kuwwat tende
Hem serkeşde hem haýran
Galdym bende
Bir ahwala duş boldum gam hüjüm etdi öldürdi
Bu işiň serişdesin yşk okadyp bildirdi
Wysala rehmi gelip elin galdyrdy
Sözlemeýin neýläýin men
Magtymguly begligim ýar jemaly gul etdi
Wysal umydyn berip müň dilli bilbil etdi
Yşk çekdi zybanasyn ýakyp örtäp kül etdi
Hijran elekde eläp meni
Ne jeset içre jan bar
Ne kuwwat tende
Hem serkeşde hem haýran
Galdym bende